Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:17 - Mukaddes Kitap

17 Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ысрайыл арсланлар ковалап даргадан гоюн сүрүсине меңзейәр. Оны илки Ашур патышасы ювутды, Бабыл патышасы Небукаднесар соңра онуң сүңклерини гемирди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:17
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.


Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar.


Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Şeýdip, Aşur patyşasy Tiglatpileser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Dimonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Arslanlar oňa garşy arladylar, seslerine bat berdiler. Ysraýyl ýurduny weýran etdiler, şäherlerini haraba öwürdiler, ol ýerde bir adam-da galmady.


Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Babyl halky arslan deý arlar, arslan çagasy kimin hyňranar.


Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.


Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ