Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:14 - Mukaddes Kitap

14 Eý, kemançylar, Babylyň daş-töwereginde nyzama duruň. Oňa ok atyň, oky gaýgyrmaň, çünki ol Rebbe garşy günä etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эй, кеманчылар, Бабылың даш-төверегинде нызама дуруң. Оңа ок атың, окы гайгырмаң, чүнки ол Реббе гаршы гүнә этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:14
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy.


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Eý, atlar, ýel bolup uçuň! Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň! Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put, eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!


Men Rebden bir habar eşitdim, milletler arasyna çapar ýollandy: «Edoma çozmak üçin toplanyň, söweşe aýaga galyň».


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin.


Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


Babyla gelmişekleri ýollaryn, ony sowrup, ýurduny boş goýarlar. Betbagtlyk güni ony her tarapdan gurşarlar.


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


Kemançy ýaýyny gursun, sowudyny geýip taýýar bolsun. Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň, ähli goşunyny bütinleý ýok ediň.


Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar. Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ