Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма сизиң эне юрдуңыз утанҗа галар, гөбек ганыңыз даман ери аяк астына салнар. Ине, ол миллетлер ичинде иң әхмиетсизи болуп: чөллүге, гурак ере ве чола юрда өврүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin». Muny Reb aýdýandyr.


Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.


Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.


Emma göklerdäki Iýerusalim azatdyr. Ol biziň enemizdir.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ