Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:11 - Mukaddes Kitap

11 Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эй, мирасымы талаян бабыллылар, сиз шатланярсыңыз, галкынярсыңыз, отлагдакы өкүзче дей бөкҗеклейәңиз, айгыр атлар кимин кишңейәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:11
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Müsür bir enaýyja göle bolsa-da, demirgazykdan oňa gögeýin çozar.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny.


Olar esrän aýgyr atlar ýaly bolup, hersi öz goňşusynyň aýalyna kişňeýär.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar».


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Doganyň – Ýahudanyň nesliniň betbagt gününde gülmeli däldiň. Olara bela inen gününde, sen heşelle kakmaly däldiň. Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.


Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.


Iýerusalimiň garşysyna urşan milletleri Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ