Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:10 - Mukaddes Kitap

10 Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Бабыллыларың юрды талаңа салнар, оны таланларың бары олҗадан дояр. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:10
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gämileriňiň ýüpleri çözüldi, bogaldagy gaýym saklap bilmeýär, ýelkeni açyp bilmedi. Şonda köp oljalar paýlaşylar; hatda agsaklar-da olja talaň salar.


Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar, olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.


Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.


Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn.


Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar.


Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“ diýer. Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny, goý, babyllylardan soralsyn!“ diýer».


Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ