Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:1 - Mukaddes Kitap

1 Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бабыл хакда, бабыллыларың юрды хакда Реббиң Ермея пыгамбериң үсти билен айдан сөзи:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy.


Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular.


Şoňa görä-de, şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp, olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.


«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!


Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.


Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.


Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ