Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar esrän aýgyr atlar ýaly bolup, hersi öz goňşusynyň aýalyna kişňeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Олар эсрән айгыр атлар ялы болуп, херси өз гоңшусының аялына кишңейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»


Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Ýakynynyň aýalyna ýanaşan hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.


Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.


Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.


Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ