Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:7 - Mukaddes Kitap

7 «Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 «Мундан соң Мен сени нәдип багышлайын? Чагаларың Мени терк этдилер, олар худайларындан ант ичдилер, ёгсам олар Худаям дәл. Олары дойранымда зына этдилер, топарланышып, лолуларың өйлерине гитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:7
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.


Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.


Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler.


Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.


Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň.


Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.


Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin.


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.


Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ