Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:31 - Mukaddes Kitap

31 pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 пыгамберлер галп пыгамберлик эдйәрлер, руханылар оларың гөркезмеси билен доландырярлар. Мениң халкым болса муны сөййәр. Эмма бу затларың соңы геленде нәме эдерсиңиз?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:31
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.


Ýamanlyk edýän erbet dodaklara üns berýändir, ýalançy ýaman niýetli dile gulak asýandyr.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Ilkinji ataňyz günä etdi, töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.


Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».


Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Rebbiň öýünde Ýermeýanyň aýdan bu sözlerini eşitdiler.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler.


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.


Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.


Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi.


Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; ruhanylary ybadathanany harama çykardylar, Kanuny harladylar.


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ