Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.
Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!