Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:22 - Mukaddes Kitap

22 Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Менден горкмарсыңызмы? Муны Реб айдяндыр. Хузурымда титрешмерсиңизми? Мен чәгәни деңзе арачәк этдим, бу эбедилик арачәк болар, хич хачан бозулмаз. Толкунлар дашса-да, үстүн чыкмаз, гүввүлдесе-де, ондан ашмаз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:22
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.


Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr.


Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, suwlaryň ýüzüne serhet çekdi.


Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».


Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim?


Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi.


Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly,


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär:


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl, saňa şeýle ederin. Saňa şuny etjekdigim üçin, Hudaýyňy garşylamaga taýýarlan, eý, Ysraýyl!


Ýokarky otagyny gökde bina edýän, gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan, deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap, suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur. Onuň ady Rebdir.


Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler.


Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy.


Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.


Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ