Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:21 - Mukaddes Kitap

21 Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эй, гөзли болуп гөрмейән, гулаклы болуп эшитмейән надан хем дүшүнҗесиз халк, инди муңа гулак ас:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:21
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.


Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Muny Ýakubyň nesline jar et, ýahuda halkyna yglan et.


Men şeýle diýdim: «Bular bir garyp hem akmaklar; çünki olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilmeýär.


«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär. Gumry, garlawaç, durna-da göçmeli pursadyny bilýär. Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.


Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».


Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi?


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


„Bar-da, bu halka şeýle diý: Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.


Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.


Mukaddes Ýazgylarda olar barada şeýle ýazylgydyr: «Hudaý olary agyr uka batyrdy, olara görýän göz, eşidýän gulak bermedi».


Siz bu gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ