Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:19 - Mukaddes Kitap

19 «Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 «Халк сенден: „Нәме үчин Худайымыз Реб бизе бу затлары этди?“ дийип сораса, сен олара шейле җогап бер: „Сиз Оны терк эдип, юрдуңыздакы кесеки худайлара гуллук этдиңиз. Инди сиз хем өзүңизе дегишли болмадык бир юртда кесекилере гуллук эдерсиңиз“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Ysraýyl gulmy näme? Ol dogabitdi hyzmatkärmi? Onda neçün ol olja boldy?


sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde, Rebbiň gahary sowuldy menden’. Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin, Men seniň üstüňden höküm çykararyn.


Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr».


Muny Ýakubyň nesline jar et, ýahuda halkyna yglan et.


Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?


Reb şeýle diýýär: «Olar özlerine beren kanunymy ret etdiler, sözüme gulak asmadylar, ol boýunça hereket etmediler.


Üstümizden gullar höküm sürýär, olaryň elinden bizi halas edýän ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ