Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:18 - Mukaddes Kitap

18 Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мен хатда шол гүнлерде-де сени бүтинлей ёк этмерин. Муны Реб айдяндыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:18
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


«Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir.


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.


Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.


Ýöne Meniň ýene-de olara ýüregim awady, olary heläk etmedim, çölde olaryň soňuna çykmadym.


Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?»


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ