16 Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.
16 Оларың сагдагы ачык габыр ялыдыр, барысы батыр сөвешиҗилердир.
Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.
Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.
Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.
Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.
Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».
Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi.
Olaryň bogazy açyk gabyrdyr, olar aldaýandyrlar, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.