Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:12 - Mukaddes Kitap

12 «Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 «Олар Реббиң айданыны рет эдип, шейле дийдилер: „Ол хич зат этмез. Бела-бетер башымыздан инмез, биз уруш я-да ачлык гөрмерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:12
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.


Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Onsoň men şeýle diýdim: «Wah, Hökmürowan Reb! Bu halky we Iýerusalimi bütinleý aldap, siziň üçin sag-salamatlyk boljak diýdiň. Emma gylyç bogazymyza goýuldy!»


Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)


Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ