Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:10 - Mukaddes Kitap

10 «Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Үзүмчилигиң ичинден гечип, оны вейран эдиң, эмма бүтинлей ёк этмәң. Шахаларыны дөвүп ташлаң, олар Реббе дегишли дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:10
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi.


Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Ysraýyl we ýahuda halklary Maňa bütinleý biwepalyk etdiler». Muny Reb aýdýandyr.


Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr».


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,


Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ