Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 5:1 - Mukaddes Kitap

1 «Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Иерусалимиң көчелерине айланың, даш-төверегиңизи сынлаң, белләң! Шәхер мейданчаларында агтарың. Эгер адалаты берҗай эдип, хакыкаты гөзлейән бир адам тапсаңыз, онда Мен бу шәхери багышлайын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 5:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,


dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän;


Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?


Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.


Ol şäher derwezeleriniň agzynda, girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:


Indi turup, şähere çykaryn, köçelerden, meýdançalardan köňül aşygymy agtararyn. Gözläp tapmadym ony.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Neçün siz Maňa şikaýat edýäňiz? Baryňyz Maňa garşy baş galdyrdyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň aýallarynyň başga hudaýlara tütetgi ýakýanyny bilýän ähli erkekler, ol ýerde duran ähli aýallar, uly jemagat – Müsür ýurdundaky Patrosda ýaşaýan tutuş halk Ýermeýa şeýle jogap berdiler:


Men üns berip diňledim, dogrusyny aýtmaýar olar. Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip, öz pisligine toba etmeýär. Söweşde çapýan at kimin hersi öz ýoluna ýortýar.


Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Olar şähere tarap okdurylýarlar, diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.


Rebbiň sözüni agtaryp, ynsanlar deňizden-deňze, demirgazykdan gündogara entärler. Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar, emma ony tapyp bilmezler.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.


Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ