Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:8 - Mukaddes Kitap

8 Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эй, Деданың илаты, гачың, ызыңыза өврүлиң, букуларда гизлениң! Мен Ысавы җезаландыран вагтымда, онуң башындан бетбагтлык индерерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:8
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.


Arabystan hakyndaky pygamberlik: Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara;


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Gaçyň! Janyňyzy halas ediň, çöldäki ýylgyn kimin boluň.


«Eý, Hasoryň ilaty! Gaçyň, uzaklara gidiň, bukularda gizleniň! Muny Reb aýdýandyr. Çünki Babyl patyşasy Nebukadnesar siziň garşyňyza karar kabul etdi, siziň garşyňyza dildüwşük gurady.


Olaryň düýeleri talanyp, köp mallary olja alnar. Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn, her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.


emma Ysawy ret etdim. Onuň daglaryny weýran etdim, mülküni çöl şagallaryna berdim».


Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.


Dünýäniň şalary, şazadalary, müňbaşylary, baýlary, ygtyýarlylary, hemme gullar we azat adamlar gowaklarda, dagyň gaýalarynda gizlendiler.


Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular.


Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýularda gizlendiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ