Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:7 - Mukaddes Kitap

7 Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эдом хакда Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Тейман шәхеринде инди пайхас ёкмы? Даналарда маслахат галмадымы? Оларың акылдарлыгы күтелдими?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:7
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.)


Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.


Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.


Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.


Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.


Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.


Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.


Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara;


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Akyldarlar utanja galdylar, howp içinde duzaga düşdüler. Olar Rebbiň sözüni ret etdiler. Olarda näme pähim bar?


Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.


Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar.


Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ