Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:31 - Mukaddes Kitap

31 Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm ediň. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar, olar ýeke ýaşaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Туруң, асуда ве ховпсуз яшаян халкың үстүне хүҗүм эдиң. Муны Реб айдяндыр. Оларың не дервезелери, не-де килтлери бар, олар еке яшаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:31
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,


Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.


Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!


Eý, özlerine buýsanýan aýallar, turuň, sesimi eşidiň! Eý, özlerine daýanýan aýallar, sözüme gulak goýuň!


Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.


Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».


Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.


Magogyň we kenarýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, milletler arasynda aýry hasaplanýar.


Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ