Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:3 - Mukaddes Kitap

3 Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ахы-нала чек, эй, Хешбон! Чүнки Ай галасы вейран болды! Эй, Рабаның обалары, перят эдиң, җул гушанып, яс тутуң, экин мейданларыңызда икияна ылгаң. Чүнки руханыларыдыр ёлбашчылары билен бирликде Милком сүргүн эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.


Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi.


Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom üçin guran seždegählerini patyşa haramlady.


Beýteliň we Aýyň halky iki ýüz ýigrimi üç;


Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary


Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.


Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et.


Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.


Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler.


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Emeldarlary bilen birlikde ammon şasy sürgün ediler». Muny Reb aýdýandyr.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Gulak asyň, eý, baýlar, başyňyza injek betbagtçylyklar üçin perýat edip aglaň!


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.


Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ