Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:2 - Mukaddes Kitap

2 Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Реб шейле диййәр: «Аммонларың Раба шәхерине уруш награларыны эшитдирҗек гүнлерим гелер. Раба бир харабачылык үйшмеги болар, обалары ода якылар. Онсоң Ысрайыл өзүни эеләнлери эеләр. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.


Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.


Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn, baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn, çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär. Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk eder, halklara ýüz görmezlik bilen kazylyk eder.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.


Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär. Baýyrlykdaky adamlar piliştlileriň topragyny eýelärler. Olar Efraýym hem Samariýa topragyna çenli ýeterler. Benýamin nesli Gilgady eýelär.


Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.


Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar.


Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.


Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ