Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:19 - Mukaddes Kitap

19 Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Мен арслан кимин Иордан җеңңелинден яп-яшыл өри мейдана чыкарын. Эдомлары дуйдансыз ол мейдандан чыкарарын. Өз сайланымы үстлеринден баштутан белләрин. Чүнки Маңа меңзеш ким бар? Менден хасабат сораҗак ким? Гаршыма чыкҗак чопан ким?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:19
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nädip ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?


Baştutany olaryň özünden bolar, hökümdary öz aralaryndan çykar. Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn, ol hem Maňa ýakynlaşar. Men çagyrmasam, ýakynlaşmaga kim milt edip biler? Muny Reb aýdýandyr.


Asgyranda ot saçýar, gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.


Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?


Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň; olaryň şöhraty öçdi. Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň; Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


«Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.


Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, men öz durmuşymy ýigrenýärin.


Birinji aýda Iordan derýasy joşup, kenarlaryndan aganda, ondan geçenler we jülgelerdäkileriň ählisini gündogardyr günbatara kowup çykaranlar şulardy.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ