Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:18 - Mukaddes Kitap

18 Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Эдил Содомың, Гомораның ве оларың гоңшуларының ер билен егсан болшы ялы, ол ерде еке адам галмаз, хич ынсан яшамаз. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:18
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.


Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýandyr.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Işaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Reb zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik».


Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp:


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ