Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:17 - Mukaddes Kitap

17 Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эдом ховпа өврүлер, ол ерден гечйән хер кес аңк-таңк болуп, онуң бетбагтлыкларына сыкылык чалар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:17
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.


Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.


Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin.


Segir dagyny weýran edip, harabaçylyga öwrerin; ol ýere gelip-gidýäni kesip taşlaryn.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ