Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Өз барлыгымдан ант ичйәрин, Босра ховпа, масгарачылыга, харабачылыга, нәлете сезевар болар». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:13
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin,


Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.


Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.


Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez.


Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler».


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn, ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».


Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ