Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 49:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб аммонлар барада шейле диййәр: «Ысрайылың огуллары ёкмы? Онуң мирасдары ёкмы? Онда нәме үчин Милком Гады эеләп, халкы онуң шәхерлеринде яшаяр?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 49:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.


Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.


Mundan soň mowaplylar we ammonlylar megunylar bilen birlikde Ýehoşapadyň garşysyna söweşe çykdylar.


Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.


Olar Agy-perýat jülgesinden geçende, ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär, güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär.


Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber.


Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.


Damask hakynda pygamberlik: «Hamat we Arpat utandy, erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi, tolkun atýan deňiz kimin ikiýana alakjap yrandylar.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň.


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Gatyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.


Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“.


Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ