Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:7 - Mukaddes Kitap

7 Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эй, Мовап, өз эден ишлериң үчин, хазынаңа бил багланың үчин тутуларсың. Руханылары хем эмелдарлары билен Кемош сүргүн эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:7
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.


Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.


Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.


Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy.


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň? Seniň güýjüň gaçar. Sen hazynalaryňa buýsanyp: „Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň.


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.


Waý, saňa, eý, Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ