Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?
Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.