Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:47 - Mukaddes Kitap

47 Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

47 Эмма ахыркы гүнлерде Мен Мовабың өңки абаданчылыгыны гайтарып берерин“. Муны Реб айдяндыр. Ине, Мовабың җезасы шу ерде гутаряр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:47
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.


Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».


Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr».


Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.


Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ