Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:44 - Mukaddes Kitap

44 Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Ховпдан гачан горпа йыкылар, горпдан чыкан дузага дүшер, чүнки Мениң Мовап халкыны җезаландырҗак гүнлерим гелйәр. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:44
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer.


Siriýalylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Eý, ýer ýüzüniň ilaty, gorky, çukur we duzak başyňyzda!


Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».


Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.


Munuň üçin ýöreýän ýollary olara garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar, ol ýerde büdräp ýykylarlar. Çünki jeza ýyly olaryň başyna bela getirerin. Muny Reb aýdýandyr.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin.


Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ