Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:41 - Mukaddes Kitap

41 Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Шәхерлер эле салнар, галалар басылып алнар. Шол гүн Мовабың уршуҗыларының йүреги догранда санҗы тутян аялың йүреги кимин болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:41
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


«Şol gün patyşanyň we baştutanlaryň ýüregi hopugar. Ruhanylar aňk-taňk bolarlar, pygamberler geň galarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi.


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ