Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:37 - Mukaddes Kitap

37 Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Хер кимиң сач-сакгалы сырылды; әхли эллер яраланан ве әхли биллере җул оралан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:37
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi.


Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.


Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.


Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.


Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


Gaza saçyny ýolar, Aşkelon sus bolar. Eý, barja aman galanlar, haçana çenli özüňizi ýaralajak?


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.


Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi.


Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.


Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ