Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:36 - Mukaddes Kitap

36 Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Бу себәпден йүрегим Мовап үчин гаргы түйдүк кимин ахы-нала чекйәр. Кирхарасет халкының газанан байлыклары даргады, шонуң үчин хем йүрегим түйдүк кимин иңлейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:36
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.


Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.


Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler.


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ