Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.
Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.
Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».