Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:2 - Mukaddes Kitap

2 Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Инди Моваба өвги айдылмаз; Хешбонда оңа гаршы дилдүвшүк гурдулар: „Гелиң, миллет болмаз ялы, оны ёк эделиң“ дийдилер. Эй, Мадмен, сениң сесиң гапылар, гылыч сени ковалар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!


Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim.


«Eger bu kanunlar Meniň huzurymda ýatyrylsa, onda Ysraýyl nesli-de huzurymda millet bolmakdan ebedilik aýrylar». Muny Reb aýdýandyr.


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar, onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup: „Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak nädip döwüläýdi!“ diýiň.


Mowap Rebbe garşy baş galdyrandygy üçin, halk bolmakdan mahrum bolar.


Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn.


Rubenler bolsa Heşbon, Elgala, Kirýataýym,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ