Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.
Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.