Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма оны гапдан-габа бошатҗак адамлары иберҗек гүнлерим гелер. Муны Реб айдяндыр. Оны дөкерлер, онуң гапларыны бошадарлар, күйзелерини бөлек-бөлек эдерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:12
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».


Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Onsoň sen özüň bilen gidenleriň gözüniň alnynda küýzäni döw.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.


Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar.


Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr.


Rebbiň aýdyşy ýaly, ähli şähere heläkleýji döküler, bir şäher-de gutulmaz, jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.


Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ