Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:11 - Mukaddes Kitap

11 Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мовап яшлыгындан рахат яшады, ол хич хачан сүргүн эдилмеди. Чайкалмадык ал-элван шерап дей ол гапдан-габа бошадылмады. Шейдип, тагамы өзүнде галды, өзүниң хошбой ысыны йитирмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:11
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,


Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar. Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler.


Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.


Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ