Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 48:10 - Mukaddes Kitap

10 Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Нәлет болсун Реббиң ишине ялталык эдйәне, Онуң гылыҗыны ган дөкмекден саклаяна!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 48:10
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi.


Men–guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi.


Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.


Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi.


Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun!


Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.


Reb oňa tabşyryk berensoň, ol nädip köşeşsin? Ol ony ol ýere – Aşkelona, deňiz kenaryna garşy ýollady“».


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin, Reb gorhanasyny açyp, gazap bilen ýaraglaryny çykardy.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Emma siziň özüňiz ol ýerde galmaly dälsiňiz. Duşmanlaryňyzyň yzyndan kowup, arkadan gelip, olary ýok ediň. Galalaryna girmäge olara ýol bermäň, çünki Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berdi».


Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ