Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 47:6 - Mukaddes Kitap

6 Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эй, Реббиң гылыҗы! Сен хачана ченли көшешҗек дәл? Гыныңа гир, ынҗал-да, асуда бол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 47:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abner Ýowaba gygyryp şeýle diýdi: «Adamlaryň gylyçdan geçirilmeginiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň soňunyň pajygaly boljagyny bileňokmy? Garyndaşlaryny kowalamagy bes etmegi üçin adamlaryňa haçan buýruk berjek?»


Soňra Reb perişdä buýruk berdi; perişde gylyjyny gynyna saldy.


Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.


Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».


«Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr.


«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!


«Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin! Muny Reb aýdýandyr.


Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,


Gylyjy gynyňa sal! Ýaradylan ýeriňde, dogduk mekanyňda Men saňa höküm çykararyn.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi.


Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ