Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 47:5 - Mukaddes Kitap

5 Gaza saçyny ýolar, Aşkelon sus bolar. Eý, barja aman galanlar, haçana çenli özüňizi ýaralajak?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Газа сачыны ёлар, Ашкелон сус болар. Эй, барҗа аман галанлар, хачана ченли өзүңизи яралаҗак?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 47:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna;


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.


Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.


Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.


Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.


Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler.


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.


Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ