Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 47:4 - Mukaddes Kitap

4 Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Чүнки әхли пилиштлилериң ёк эдилҗек гүни гелер. Сура билен Сидона көмек эдип билҗек аман галанларың әхлиси ёк эдилер. Реб Капторың кенарында аман галан пилиштлилери дерби-дагын эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 47:4
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.


Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.


Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»


Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.


Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr.


Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.


Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.)


Pinehas ruhany we onuň bilen gelen jemagat baştutanlary, Ysraýyl tireleriniň urugbaşylary rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň aýdanlaryny eşidenlerinde, bu sözlerden hoşal boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ