Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 47:3 - Mukaddes Kitap

3 Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Даяв атларың тойнак сесинден, сөвеш арабаларының такырдысындан, тигирлериниң сеслеринден яңа эллери тапдан дүшен аталар өврүлип, чагаларына ярдам бермезлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 47:3
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Eý, atlar, ýel bolup uçuň! Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň! Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put, eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.


Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar. Şamçyraglar kimin şugla saçyp, ýyldyrym deýin okdurylýarlar.


Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, emma yza bakýan ýokdur.


Olaryň döşi demir sowut ýalydy. Ganatlarynyň sesi köpsanly söweş arabalarynyň şakyrdysyna meňzeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ