Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 46:5 - Mukaddes Kitap

5 Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мен нәме гөрйәрин? Олар горкуп, ыза чекилдилер. Батырлары ере чалнып, ызларына гараман гачдылар. Әхли тарапдан ховп абаняр. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 46:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň çadyrlary, sürüleri ellerinden alnar, perdeleri, gap-gaçlary we düýeleri talanar; halk: „Ähli tarapdan howp abanýar!“ diýip gygyrar».


Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, emma yza bakýan ýokdur.


Köp halklary saňa aňkardaryn, öňlerinde gylyjymy bulaýlanymda, olaryň patyşalary sen sebäpli gaty gorkarlar; seniň agdarylan günüň olaryň ählisi öz janlary üçin her pursatda titrär».


Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? Ol näme üçin durup bilmedi? Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.


Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz.


Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz.


Kümşi talaň, Altyny talaň! Tükeniksiz hazyna! Ummasyz baýlyk!


Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ