Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 46:4 - Mukaddes Kitap

4 Atlary eýerläp, münüň, eý, atlylar! Tuwulgaňyzy geýip, ornuňyzda duruň, naýzalary ýiteldiň we sowutlar geýiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Атлары эерләп, мүнүң, эй, атлылар! Тувулгаңызы гейип, орнуңызда дуруң, найзалары йителдиң ве совутлар гейиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 46:4
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi.


Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.


Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz!


«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Kemançy ýaýyny gursun, sowudyny geýip taýýar bolsun. Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň, ähli goşunyny bütinleý ýok ediň.


«Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy.


Muny halklar arasynda jar ediň: «Söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.


Soňra Şawul öz ýaraglaryny Dawuda dakdy, başyna öz bürünç tuwulgasyny, egnine bolsa teňňeli sowut geýdirdi.


Başynda bürünç tuwulga, egninde bolsa teňňeli sowut bardy. Sowudyň agramy üç batman bürünje barabardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ