Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 45:5 - Mukaddes Kitap

5 Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Нечүн сен өзүңе ченденаша көп сораярсың? Сорама, чүнки Мен бүтин адамзадың башындан бетбагтлык индерерин. Муны Реб айдяндыр. Эмма нирә гитсең-де, сылаг хөкмүнде җаныңы аман сакларын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 45:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi.


Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme?


Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,


Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.


Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler».


demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir.


Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr.


«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.


Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ