Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 45:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Яхуда патышасы Ёшыяның оглы Ехоякымың шалыгының дөрдүнҗи йылында Нерияның оглы Барук Ермеяның дилинден шу сөзлери китаба язып отырка, Ермея пыгамбериң оңа айдан сөзи:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 45:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.


Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň patyşalygynyň başynda Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim.


Satuw şertnamasyny Neriýanyň ogly Baruga berenimden soň, Rebbe dileg edip, şeýle diýdim:


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.


Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.


«Eý, Baruk! Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle diýýär:


Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr:


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ