Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 44:4 - Mukaddes Kitap

4 Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен сизиң яныңыза ызлы-ызына гулларым болан пыгамберлерими иберип: „Бу неҗис иши этмәң, Мен оны йигренйәрин“ дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 44:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Meniň gaýta-gaýta öwredenlerime olar gulak asmadylar, dogry ýola gelmediler.


Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi?


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zyna edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin


Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.


Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk.


Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ